Žurnalistiň sahypasy

Terbiýeçilik ähmiýetli eser

03-04-2024 / 18

Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda taryhy geçmişimize, milli mirasymyza söýgi döretmekde hormatly Prezidentimiziň ýakynda çapdan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň ähmiýetiniň uly boljakdygy şübhesizdir.

Täze kitapda türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk, kökleri müňýyllyklara uzaýan Änew şäheriniň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan adybir galanyň çäklerinde geçirilen gözlegleriň netijeleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu eseri anyk maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bilen tapawutlanýar. Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylda neşir edilen bu kitap watandaşlarymyz üçin hakyky sowgat boldy. Çünki «Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz» diýlişi ýaly, hut taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklary islendik halkyň geçmişi, däp-dessurlarydyr, medeniýeti bilen içgin tanyşmagyň, milli aýratynlyklaryny dünýäde wagyz etmegiň möhüm çelgisidir.

«Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de birnäçe bölümden ybarat täze kitapda asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy Änew medeniýeti, ony düýpli öwrenmekde alnyp barylýan arheologik barlaglar barada gyzykly maglumatlar berilýär. Pederlerimiziň gurmak, döretmek ýaly sogaply işleriniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň many-mazmuny giňden açylyp görkezilýär. Ajaýyp kitap ýaş nesliň taryhy geçmişimize, milli mirasymyza, ata Watanymyza, ene topragymyza söýgüsini has-da artdyrar.

Çuň many-mazmuna ýugrulan eserleri döredip, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde nusgalyk görelde bolýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Äşe GURBANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu