Žurnalistiň sahypasy

Sport — saglygyň hemrasy

03-04-2024 / 18

Döwlet Baştutanymyz adam, onuň saglygy we abadançylygy hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirdi. Ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň wajypdygyna ünsi, çekmek bilen, milli Liderimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz  bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülmelidigini belleýärler.

Welaýatymyzda guralýan sport çäreleri hem sport sagaldyş-hereketine özboluşly itergi berýär. Şäherlerde we obalarda, etraplarda, welaýat merkezinde dürli ýaryşlar ýaýbaňlandyrylýar. Ýene bir aýratyn bellemeli zat, giň gerimli halkara derejesindäki çäreler hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly içeri syýasatynyň üstünlige beslenýändigini hem aýdyň äşgär edýär.

2024-nji ýylyň „Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen okuw ýylynyň dowamynda mekdebimiziň talyplarynyň hem-de mugallymlaryň gatnaşmagynda „Sagdyn durmuş ýörelgesine eýereliň!“, „Sport — durmuşyň bezegi“, “Sport saglyga hemra” ady bilen düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris.

Sagdyn jemgyýetli döwlet elmydama ösüşdedir. Ýaşlarymyz bolsa ata Watanymyzyň ösüşlerini dowam etdirjek adamlardyr. Hut şonuň üçin ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri gazanmalydyr. Çünki sport saglyga we sagdynlyga hemradyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa bu ugurda bize uly işleri alyp barmak bilen, bize elmydama görelde bolýar.

Nigara BERDIÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu