Žurnalistiň sahypasy

«Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi – innowasion çözgüt

04-04-2024 / 21

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji martda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda ylmyň, önümçiligiň we senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekmegi alnyp barylýan döwrebap özgertmeleriň oňyn netijelere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen, uniwersitetimiziň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkeziniň döredilmegi «2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hereketleriň meýilnamasynda» göz öňünde tutulan halkara innowasiýa merkezlerini, tehnoparklary döretmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmekden hem-de kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary, ylmyň, önümçiligiň, senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmekde, nano, bio we maglumat, sanly we «akylly», kiberhowpsuzlyk, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuter, mobil programmalaryny döretmekde, ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmekde nobatdaky aýgytly ädim bolar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki ugurlary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Eşret IŞANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-­tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu