Žurnalistiň sahypasy

Ýeňil atletika sportunda zenanlaryň üstünligi

05-04-2024 / 5049

«Sportuň melikesi» diýen ada eýe bolan ýeňil atletika iňňän meşhur hem-de ynsan üçin örän peýdaly sport görnüşidir. Bu görnüş Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýänleriň arasynda iň köp medallysydyr. Şeýle ýagdaý ýeňil atletikanyň meşhurlygynyň ýylsaýyn artyp, onuň bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha köpelmegine ýardam edýär.

Häzirki döwürde ýeňil atletika bilen çagalardan başlap ýaşuly nesliň wekillerine çenli millionlarça adam meşgullanýar. Sportuň bu görnüşi giňden ýaýran hem-de adam üçin tebigy bolan beden maşklarynyň ençemesini özünde jemleýär. Olara ýöremek, ylgamak, bökmek we zyňmak ýaly gündelik durmuş bilen baglanyşykly maşklar degişlidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sportuň bu görnüşi bilen ýurdumyzda zenanlar hem işjeň meşgullanýar. Munuň üçin ähli şertleriň döredilendigini buýsançly bellemelidiris. Ýeňil atletikaçy zenanlarymyz halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar hem-de ýokary netijeleri gazanýarlar.  2022-nji ýylda Türkmenistanyň 4×400 metr aralyga estafetalaýyn ylgamak boýunça zenanlar ýygyndysy Samarkant şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynyň ikinji ornuna mynasyp bolandyklaryny bellemek gerek.

Käbir maglumatlara salgylansak, ýeňil atletika sportuň has köne özenli görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Çünki onuň Olimpiýa oýunlarynda erkek adamlar üçin meýilnamasy 24 görnüşden ybarat bolup, ol 1956-njy ýyldan bäri üýtgewsizligine galdy. Oýunlaryň zenan türgenlere degişli meýilnamasyna 23 sany görnüş girýär. Olara diňe 50 kilometrlik pyýada sport ýöreýşi girizilmeýär. Şonuň üçin-de Ýeňil atletika Olimpiýa oýunlarynyň iň köp medal gazanylýan görnüşi hasaplanylýar.

Ýeňil atletikanyň Ýapyk binalardaky çempionatynyň meýilnamasyna 26 görnüş degişli edilýär. Olaryň deň ýarysy boýunça zenan türgenler, beýleki 13 görnüşi boýunça erkekler özara bäsleşýärler. Resmi ýaryşlaryň aglabasynda zenanlar hem erkek türgenler bilen bilelikde başlangyç nokatdan ýaryşa başlaýarlar.

Ýeňil atletika zenan saglygy üçin hem örän ähmiýetlidir. Garaşsyz Diýarymyzda sporty ösdürmäge, hemmetaraplaýyn sagdyn ýaş nesli terbiýelemäge gň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Begmyrat MYRADOW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu