Žurnalistiň sahypasy

Sport we bedenterbiýe ýaşlaryň endigidir

02-04-2024 / 14

7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni. Şeýle halkara senäniň bosagasynda eziz Diýarymyzyň köpugurly ösüşiniň ýekeje ugry — saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýetilen sepgitler barada gürrüň etmek bolsa, has-da ýakymly. Bu babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler örän miböçberdir.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Aziadanyň maksatnamasyna welotrek ýaryşlary hem girizildi. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar köpugurly sport toplumynyň ýöriteleşdirilen desgalarynyň birinde — ajaýyp üsti ýapyk welotrekde geçirildi.

2018-nji ýylda bolsa Olimpiýa şäherçesinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Şeýle derejedäki giň gerimli çäreleri geçirmek abraýlydyr we örän jogapkärlidir. Aşgabat öňde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelip, parahatçylyk dörediji şäher, halklaryň we medeniýetleriň gatnaşyklarynyň merkezi hökmündäki wezipesini üstünlikli ýerine ýetirdi.

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ajaýyp netijeleri we ýeňişleri gazanýarlar. Mysal üçin, Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Polina Gurýewa agyr atletika boýunça ýaryşda 59 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş edip, ýurdumyzyň sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanda ýerli howa şertlerini nazara almak bilen, ozal ýurdumyz üçin mahsus bolmadyk sportuň gyşky görnüşleri hem ösdürilýär. Hususan-da, olar hokkeý we buzda typmak bilen baglanyşyklydyr. Öňki döwürde sportuň şu görnüşleri boýunça ýaryşlara diňe teleýaýlymlar arkaly tomaşa edip bolýardy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlary dünýäde meşhur bolan sportuň bu görnüşlerini üstünlikli özleşdirýärler. Milli derejedäki ýaryşlar bilen bir hatarda, türkmen hokkeýçileri we buzda typmak bilen meşgullanýan türgenler sebit we halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Munuň özi olara peýdaly tejribäni özleşdirmäge, özleriniň sport mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ýardam edýär.

Şeýle hem buz üstündäki sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikler bar. Şolaryň hatarynda Olimpiýa maksatnamasyna girýän konkili typmak sportuny, şort-tregi we kýorlingi görkezmek bolar.

Bularyň ählisi sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrýar hem-de türgenlerimizi sport ussatlygyny kämilleşdirmäge we täze ajaýyp ýeňişleri gazanmaga höweslendirýär, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini mundan beýläk-de giňden wagyz etmäge ýardam edýär.

Sähet PIRMUHAMMEDOW,
TOHI-niň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu