Žurnalistiň sahypasy

Güýç-gaýratyň, gözelligiň aýdyň beýany

03-04-2024 / 16

Sport bilen meşgullanmak adamyň beden we ruhy ýagdaýyna oňaýly täsir etmek bilen birlikde, zähmetsöýerlik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk, düzgün-nyzamlylyk ýaly häsiýetleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. Bütindünýä saglyk gününiň ýurdumyza hem bellenilmegi örän buýsançly ýagdaýdyr.

Geçirilýän köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, parahatçylygyň we sagdynlygyň aýrylmaz bölegi bolan halkara sport we ekologiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny, seçip alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň bitewüligini we jebisligini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezýär. Munuň özi sagdyn bedenli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemegiň aýrylmaz bölegi hökmünde çagalar we ýaşlar sportuny ösdürmäge ýardam edýär.

Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň aýdyň beýany bolmak bilen, berk bedenli we ruhubelent ýaş nesli, Watanymyzyň geljegini terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýedir. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak dürli keselleriň öňüni almak we bejermek, şeýle hem zyýanly endiklerden, hususan-da, adamyň saglygyna uly zyýan ýetirmäge ukyply çilim çekmekden el çekmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň we degişli Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzüminiň tassyklanylandygyny ýatlatmalydyrys.

Ýurdumyzda geçirilýän sport çäreleriniň sagaldyş we terbiýeçilik babatdaky ähmiýetinden başga-da, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigata aýawly garamak hem-de daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlarda aň-bilim, wagyz etmek wezipesini hem ýerine ýetirýändigini bellemek gerek. Sebäbi, arassa ekologiýa we sagdynlyk ýaly düşünjeler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr.

Gözel NURYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň halypa terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu