Žurnalistiň sahypasy

Edeplilik ynsan bezegidir

03-04-2024 / 82

Öz perzendiniň ylymly-bilimli, edep-ekramly, il arasynda hormat-sylagdan peýdalanýan adamlar bolup ýetişmegini arzuw etmeýän ene-ata ýokdur. Çagasynyň ilhalar bolup ýetişenini gören ene-ata dünýäde iň bagtly ynsanlardyr. Munuň üçin çagalar her bir hereketinde oýlanyşykly ädim ätmek, hormatly Prezidentimiziň, ene-atalaryň, mugallymlaryň öwüt-nesihatlaryny berjaý etmek, okan çeper eserlerindäki, tomaşa eden filmlerindäki ýagşy adamlara meňzemek, ýagşyny söýüp, ýamany ýazgarmak ýaly ýagşy gylyklary özünde jemläp bilerler.

Ynsany bezeýän zatlaryň biri-de, onuň çekýän zähmetidir. Adam zähmete ýaşlykdan werziş bolmaly. «Zähmet soňy — rehnet», «Işleseň, il tanar» diýlişi ýaly, işleýän adamlaryň sarpasy, mertebesi belent, orny törde. Päk zähmet Watanymyzyň rowaçlygyna mynasyp goşantdyr. Ýagşy gylyk-häsiýet edeplilikden nyşan bolup, ol zenanlaryň özboluşly bezegidir. Bahasyz baýlygyň hem-de gözelligiň açary edepdir. Halkymyz zenan maşgalanyň içki gözelliginiň daşky keşbine-de bezeg berýändigini hemişe nygtaýarlar.

Türkmen maşgalasy edep-terbiýäniň öýi hasaplanýar. Maşgala — türkmen jemgyýetiniň baş sütüni. Her bir ata-enäniň arzuwy öz perzentleriniň bagtyny görmekdir. Olar elmydama çagalarynyň aladalary bilen bolýarlar. Maşgala gurmak, nesil ýetişdirmek meselesine berilýän aýratyn ähmiýet hem halkymyzyň maşgala gymmatlygyna goýýan beýik sarpasyny açyp görkezýär.

Ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny ösdürýän, nesillerimiziň milli däplerimiziň gurşawynda Watanymyzy we ilimizi guwandyrýan, ata-enelerini begendirýän ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Ogulmeňli KAKABAÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu