Žurnalistiň sahypasy

Milli senenamada berkidilen halkara sene

03-04-2024 / 13

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. 7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni milli senenamada berkidilen halkara senedir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýylsaýyn bu herekete türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Paýtagtymyzda we sebitlerde iň täze enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralary we şypahana ulgamynyň binalary, sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri guruldy, hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyryldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu wakanyň hormatyna Aşgabatda “Welosiped” binasy guruldy. Bu bina 2020-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy. Bularyň ählisi hem parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şeker SARYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu