
Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýan özgertmeler her bir raýatyň bähbidine, halkyň abadançylygyna, aň-bilimiň, ylmy-innowasion binýadyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilýär. Arkadag şäheri hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ynamly ädimlerini alamatlandyrýar. Bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi esasy ýörelge bolup durýar.
Özüniň owadanlygy we binagärlik-şähergurluşyk babatda gaýtalanmajak keşbi bilen dünýä jemgyýetçiligini özüne çeken Arkadag şäheriniň halkara duşuşyklaryň, sport we medeni çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini bellemek gerek. Hut ýakynda hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada üstünlikli geçirildi. Munuň özi bu döwrebap şäheriň halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýeleýändigini, şol sanda-da milli bilim ulgamymyzyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygyny alamatlandyrdy.
Häzirki döwürde milli şähergurluşyk maksatnamasynyň we dünýä binagärlik tejribesiniň ajaýyp nusgasyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde batly depginlerde dowam edýän giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Hallygözel HYDYROWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.



