Žurnalistiň sahypasy

Şöhratly sportuň şany

01-04-2024 / 14

Ata Watanymyzyň iri halkara sport ýaryşlaryny mynasyp derejede kabul etmäge ukyply sport döwleti hökmündäki abraýy bütin dünýäde ykrar edilýär. Milli sportumyzy ösdürmäge uly goşant goşan, iri halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sarpalamak çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. 

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeleri gazanan türgenlere hem-de ýurdumyzyň tälimçi-mugallymlaryna sowgat hökmünde 2023-nji ýylda öndürilen 2 sany «Toyota Camry V6» we 5 sany «Toyota Fortuner SR5» kysymly awtoulagyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 2023-nji ýylda döredilen, şol ýylyň özünde-de futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony we ýurdumyzyň Kubogynyň eýesi bolan «Arkadag» futbol toparyna «MAN RR3 19.440 EEV» kysymly awtobusyň açary gowşuryldy.

Resmi maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary jemi 423 sport çäresine, şol sanda 192 sany halkara ýaryşa gatnaşyp, 812 medal (232 altyn, 237 kümüş we 343 bürünç) gazandylar. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 199 göterim ýokarydyr.

Küşt boýunça milli ýygyndy toparymyzyň türgeni Saparmyrat Atabaýew 2023-nji ýylyň 5 — 9-njy dekabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Rokirowka — 2023” atly küşt festiwalynda altyn medala mynasyp bolup, grossmeýster derejesini almak üçin bildirilýän ähli talaplary ýerine ýetirdi. Bu ýeňişler watansöýüjiligiň, tutanýerliligiň hem-de hakyky ussatlygyň nusgasyny görkezmek bilen, türgenlerimiziň eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýandyklaryny aýdyň şöhlelendirýär.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri bolan Arkadag şäherinde 2023-nji ýylda futbol toparynyň döredilmegi ýurdumyzyň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Eýýäm ilkinji ýyldan “Arkadag” futbol toparynyň Türkmenistanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Kubogyna eýe bolmagy onuň geljeginiň uludygyny görkezýär.

Şeýlelikde, sport ulgamynda şeýle ähmiýetli wakalar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy şol syýasatyň baş maksadydyr.

Selbi DÖWLETNAZAROWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu