
Watany goramak borjy, bize merdana ata-babalarymyzdan miras galan watançylyk parzymyzdyr. Şeýle parzy özlerine mukaddes borç, belent wezipe hasaplaýan merdana watan goragçylary hem taryhda öçmejek yz galdyran merdana pederlerimiziň, ýurt goran gerçeklerimiziň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň nusgalyk mekdebini özlerine görelde edinýärler.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 58-nji maddasynda: «Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir» diýlip nygtalýar. Şundan ugur alyp, Watanynyň her gününde özüni görýän wepaly we gaýratly ýigitlerimiz harby gulluga uly höwes bildirýärler.
Harby gulluk nirede we nähili geçse-de, ol hemişe merdanalygyň, edermenligiň mekdebi bolmagynda galýar. Ol berk çydamlylygy, islendik wagtda islendik kynçylyklara taýynlygy, beden we ruhy taýdan özüňi kämilleşdirmegi talap edýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, 16 ýaşy dolan erkek raýatlar harby wekilligi tarapyndan harby hasaba alnyp, olar nyzamly gulluga taýýarlanylýar. Şol döwür içinde olaryň maşgala we saglyk ýagdaýlary doly öwrenilýär. Harby borçlulyk 18 ýaşdan başlanýar. Doly saglyk barlagyndan geçen, nyzamly gulluga ýaramly diýlip hasap edilen erkek raýatlar welaýat harby wekilliginden Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine we beýleki goşunlaryna nobatdaky çagyrylyş boýunça dabaraly ýagdaýda harby gulluga ugradylýar. Il-ulsunyň rahatlygynyň goragynda gezýän merdem Watançylar her daban topragymyzy gözüniň owasy deý ezizleýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ýaly ajaýyp kitaplary bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir. Bu kitaplary okan her bir ynsanyň kalbyny watansöýüjilik ýaly tämiz duýgular gaplaýar.
Gurbanbaý GURBANBAÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 2-nji ýyl harby talyby.



