Ýylyň ähli möwsüminde saglyklaryny dikeltmek, wagtlaryny hoş geçirmek hem-de dynç almak üçin paýtagtymyzyň iň gözel ýerlerinde suw-sport toplumlary, seýilgähler, şeýle hem ülkämiziň gözel künjeklerinde häzirki zaman çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň çagalaryň hyzmatyna berilmegi ýurdumyzda ýaş nesiller barada edilýän aladalardan nyşandyr.
Mekdebe çenli çagalar edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen doly üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw-tehniki enjamlaryny, interaktiw-multimedia we kompýuter tehnologiýalaryny, okatmagyň öňdebaryjy usulyýetini yzygiderli ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar. Döwletimizde çagalaryň bagtyýarlygy, olaryň dünýä derejesinde ylym-bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, jemgyýetiň deňhukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki degişli kanunçylyk namalarynda kepillendirilýän hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagy barada edilýän aladalar muňa aýdyň mysaldyr.
Türkmenistanda çaganyň irki ösüşine uly ähmiýet berlip, her bir çaganyň kadaly ösmegi üçin oňat şertleri döretmek göz öňünde tutulýar we çaganyň hukuklaryny goramak boýunça birnäçe maksatnamalar kabul edilip, üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. 2020-nji ýylyň 20-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy hem-de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy milli we oňyn halkara tejribelerine salgylanmak bilen, çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilmek bilen ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksadyny, wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Maksatnamanyň esasy maksady mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmekden, çagalara bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmakdan, çaganyň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Maşgalanyň we döwletiň esasy aladasy çagalaryň beden we akyl taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, hemmetaraplaýyn ösen bolmagy we oňat bilim almagy üçin şertleri döretmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda çaganyň irki ösüşine aýratyn üns berilýär. Kiçijik çagalar ähli zady çalt öwrenýärler. Şol sebäpli ene-atanyň borjy çaganyň ukyplaryny amal edip biljek şertleri döretmekdir. Terbiýe bermekde çagany höweslendirmek, häsiýetini terbiýelemek ýörelgelerine esaslanylýar.
Çagalar bilen ýörite guralýan oýunlaryň üsti bilen okuwlaryň geçirilmegi geljekde bilim ulgamyna uly taýýarlyk görülmegini aňladýar. Çagalary alty ýaşdan başlap, ýuwaş-ýuwaşdan umumybilim berýän mekdepleriň taýýarlyk bölümlerinde okatmaga geçmek üçin degişli şertleri döretmek wezipesi durýar. Çagalar baglaryndaka garanyňda, mekdepdäki okuw has ýokary jogapkärçiliklidir. Alymlarymyz, görnükli pedagoglarymyz alty ýaşdaky çagalar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň esasy wezipelerine çagalaryň ruhy dünýäsiniň baýlaşdyrylmagyny, aňly-düşünjeli, ukyply çagalaryň höweslendirilmegini, olaryň dünýä bolan gözýetimleriniň yzygiderli giňeldilmegini degişli hasap edýärler. Çagalar hakdaky aladany birjik-de ünsden düşürmeýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Suraýa ÖWEZOWA,
Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.