
Çaga — durmuşyň güli. Olar — Watanymyzyň geljekki eýeleri. Türkmenistan bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr.
Halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, ösüp barýan ýaş nesilleriň bilimli we terbiýeli, ukyply ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky tagallalar hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň özenini düzýär. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde we oba ýerlerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni aň-bilim we döredijilik toplumlary, dynç alyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär.
Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, çagalar baglarynda sport çäreleri, çagalaryň arasynda sport ýaryşlary degişli meýilnamalara laýyklykda yzygiderli geçirilýär. Ýokary sport netijelerini görkezýän çagalar bolsa höweslendirilýär.
Çagalar işjeň dynç alşa, sport bilen meşgullanmaga endiklerini ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Bagtyýar çagalaryň şatlygy, joşgunly gülküleri hormatly Prezidentimiziň bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşine, sagdynlygyna we abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aňladýar.
Çaga ýüregimiziň, kalbymyzyň aýnasydyr. Onuň gözelligi, edep-terbiýesi, gylyk-häsiýeti biziň ruhy dünýämiziň keşbini açyp görkezýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan mähriban körpeleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, talabalaýyk terbiýelenmegi, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi, döwrebap bilim almagy jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň nyşanydyr. Ýurdumyzda körpe nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli belent başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýna REJEPOWA,
Daşoguz şäheriniň 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



