Ynsan – tebigatyň eýesi. Ümmülmez tebigat adamzada özüniň bimöçber sahawatyny ýaýýar. Arşdan Zemine sary ýaýylýan howa daglary-düzleri sypalap, daragtlaryň üsti bilen durlanyp, kadaly dem almagymyz üçin ýaramly häsiýete eýe bolýar. Agaçlar gülleýär, miweleýär, bol hasyl eçilýär, pür-pudak ýaýradyp, ynsan ömrüne saýa salýar. Gül-gunçalar açylyp, ynsan ruhunyň tämizlenmegine ýardam edýär.
Her bir ynsan öz saglygynyň goragçysydyr. Daş-töweregimizi gurşap alan barlyk, gözel tebigat ynsan saglygyny berkitmek üçin giň mümkinçiliklerini açýar. Ynsan hemişe daş-töweregini gurşap alan tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolup ýaşamagynyň netijesinde öz ömrüni uzaltmaga mümkinçilik tapýar.
Güneşli ýurdumyz dermanlyk ösümliklere baý mekan. Alymlaryň tassyklamagyna görä, ýurdumyzda bitýän her bir ösümlik dermanlyk häsiýetine eýedir. Ösümlikleriň haýsy birini alsaň-da, ol topragymyza muwapyklykda ösýär, miweleýär. Mysal üçin, ýüzärlik, ýandak, ýowşan, esasan-da, düz ýerlerde össe, göýül, demirtiken dag eteklerinde bolluk bilen ýetişýär. Çopantelpek, buýan, ýylgyn ýaly ösümlikler bolsa, suwly ýerlerde ösmäge ukyply. Bu ösümlikleriň her biri belli bir ugurda ynsan saglygy üçin peýdalydyr.
Güneşli Diýarymyz saýaly we miweli agaçlaryň hem mekany. Şeýle agaçlaryň hatarynda hoz agajyny, deregi, erik agajyny, yrgaýy, söwüdi we beýlekileri görkezmek bolar. Bu agaçlaryň her biri peýdaly taraplary bilen ynsan ömrüniň, durmuşynyň, ruhy dünýäsiniň özgermegi üçin uly ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV jiltinde şeýle belleýär: «Türkmen topragyndaky ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikler türkmen halk lukmançylygynda ulanylýar, olaryň 500-den köpräk görnüşleri Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýar. Şonuň üçin, Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, men olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge hut mynasyp diýip hasap edýärin». Bu dermanlyk ösümlikleriniň aglaba bölegi Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda hem duş gelýär. Olary gorap saklamak, ylmy taýdan has-da içgin öwrenmek babatda uly işler amala aşyrylýar.
Güneşli Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasaty häzirki döwürde uly ähmiýete eýe bolan möhüm wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky başlangyçlary ildeşlerimizi bu asylly işi mynasyp dowam etdirmäge borçlandyrýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda her ýyl millionlarça agaç nahallary oturdylýar. Ýurdumyzyň howa şertleriniň durnuklylygy, topragymyzyň ýumşak, süýji suwlulygy oturdylýan agaç nahallarynyň tiz boý alyp, saýa salyp, miwe getirip, tebigatyň gözel görnüşini goşalandyrýar. Munuň özi gözellik dünýäsi bilen bir hatarda, ynsanlaryň saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Ýaňybaý ROZYKULYÝEW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.