Žurnalistiň sahypasy

Sport – jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm ugry

01-04-2024 / 17

Saglygy goraýyş we sport ulgamy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen bilelikde maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak, şeýle hem bedenterbiýe we sport arkaly parahatçylygy, gender deňligini ilerletmäge ýaşlaryň gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak maksady bilen dürli çäreler üstünlikli geçirilýär.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekdäki üstünlikleriniň halkara bileleşigiň ýokary bahasyna eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň ýene-de bir ajaýyp üstünligi boldy. Mälim bolşy ýaly, bu komitet sportuň ornuny giňeltmek we ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen, 1978-nji ýylda döredildi.

Döwrebap sport infrastrukturasyny kemala getirmegiň çäklerinde ähli ýerlerde dürli sport desgalary — stadionlar, aýlawlar, awtodromlar, tennis meýdançalary, howuzlar, köpugurly toplumlar guruldy we gurulmagy dowam edýär. Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça häzirki zaman toplumlaryny özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejä çykarmaga şert döretdi.

Saýýara JUMAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünar okuw mekdebiniň Dokma önümçiligi hünäriniň 217-nji toparynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu