Žurnalistiň sahypasy

Saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejelerine çykarylýar

27-03-2024 / 20

Ilatyň kesellemek derejesini peseltmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, häzirki wagtda ýurdumyz sebitde immunizasiýa boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bu ugurdaky toplumlaýyn işler yzygiderli esasda dowam etdirilýär. Geçen ýylda ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy hem munuň aýdyň beýanydyr.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasy we beýleki birnäçe ugurdaş döwlet maksatnamalary bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň öňdebaryjy düzümleriniň — BSGG-niň, BMGÖM-niň, ÝUNISEF-niň we beýlekileriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Türkmenistana we onuň saglygy goraýyş edaralaryna dürli ýyllarda gowşurylan halkara derejeli güwänamalar muny aýdyň tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman infrastrukturasynyň kemala gelendigi bellenildi. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda iň täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar gurulýar, ugurdaş desgalar ulanmaga berilýär. Munuň özi dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli saglygy goraýyş we bejeriş hyzmatlarynyň giň görnüşiniň halkymyza elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň derman senagatynyň ösüşine täze itergi berildi.

BSGG we BMG-niň agentlikleri bilen uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan oňyn hyzmatdaşlygyň netijesinde saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagyna, özara bähbitli tejribe alyşmaga, ylmy-barlag işlerini çuňlaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler, şol sanda zerur infrastruktura döredildi.

Güljemile HUDAÝBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu