
Bagtyýar halkymyzyň saglygyny goramak, psihologik sagdynlylygy ýokarlandyrmak, keselleriň öňüni almak babatynda ýurdumyzda giň gerimli guwandyryjy işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ynsan saglygyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde wajyp ähmiýet berilýär.
Täze taryhy eýýamyň häzirki bagtyýarlyk döwründe halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, döredýär, gurýar, yhlasly zähmet çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlik syýasatynyň düýp özenini jemleýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp taglymaty bagtyýar, ruhubelent raýatlarymyzyň durmuş eşretleriniň baş badalgasyna öwrülýändigini buýsanç bilen bellemek bolar.
Saglygy berkitmegiň iň ygtybarly ýollarynyň biri-de, sporty we bedenterbiýäni ösdürmekdir. Bu gün ýurdumyzda islendik adamyň halaýan sport görnüşi bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa olaryň beden taýdan sagdynlygyny oňat derejede saklamaga kömek edýär.
Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çärelerin saglygyň gözbaşydyr. Sport bolsa öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegiň ýakyn ýardamçysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirkizaman döwrebap sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň, stadionlaryň, ýöriteleşdirilen hassahanalaryň, sagaldyş dynç alyş merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi-de ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerimde ýaýbaňlanýandygyny subut edýär.
Nabat ÝOWBASAROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.



