Žurnalistiň sahypasy

Mähriban halkymyza sowgat

01-04-2024 / 14

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli çäreleriň badalga alan günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy bu ugurdaky taryhy maglumatlardyr häzirki döwürde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmakda täze mümkinçilikleri açdy.

Täze kitapda türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk, kökleri müňýyllyklara uzaýan Änew şäheriniň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan adybir galanyň çäklerinde geçirilen gözlegleriň netijeleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu eseri anyk maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bilen tapawutlanýar. Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylda neşir edilen bu kitap watandaşlarymyz üçin hakyky sowgat boldy.

«Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de birnäçe bölümden ybarat täze kitapda asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy Änew medeniýeti, ony düýpli öwrenmekde alnyp barylýan arheologik barlaglar barada gyzykly maglumatlar berilýär. Çuň many-mazmuna ýugrulan eserleri döredip, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde nusgalyk görelde bolýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Arslan KURBANOW,
TOHI-niň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu