Žurnalistiň sahypasy

Ýurdumyzyň halkara sport abraýy şöhratlanýar

29-03-2024 / 14

Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň, çempionatlaryň yzygiderli geçirilýän ýurdy bolmak bilen, sportuň parahatçylygy, abadançylygy we birek-birege ynanyşmagy öňe sürýän ýörelgelerini bütin dünýäde dabaralandyrýar.

Geçen ýylyň ahyrynda gözel paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň uly ruhubelentlige, ýokary guramaçylyga beslenip geçirilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has hem belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge ygtyýar berilmegi bagtyýar halkymyzyň, dünýä jemgyýetçiliginiň hem-de sport janköýerleriniň uly hoşallygyna eýe boldy. Ýurdumyzda halkara derejeli ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi jemgyýetimizde sport işjeňligini, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň güwä geçýär.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde abraýly halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge giň mümkinçilik döredýän, ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, durmuşa geçirýän giň gerimli, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyga beslensin!

Gurbangeldi HEMRAÝEW,
Saýat etrabynyň 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu