Žurnalistiň sahypasy

Bilim kämillige binýatdyr

28-03-2024 / 17

Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar. Ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejä çykýar. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň giň gerimli bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, beýleki ugurlarda-da halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň we birnäçe daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda okuw maslahatlaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, leksiýalary we beýleki bilelikdäki çäreleri guramak asylly däbe öwrüldi. Ýokary okuw mekdeplerimizde Russiýadan, Gazagystandan, Beýik Britaniýadan alymlaryň gatnaşmagynda professor-mugallymlar düzümi we dürli ýöriteleşdirilen bilim edaralarynda okaýanlar üçin okuw sapaklarynyň toplumy geçirildi.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy bagtyýar geljegi gurmagyň ýolunda üstünlikli ädimleriň aýdyň görkezijisi bolmak bilen, bilimler we ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara bäsleşiklere, internet olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, dürli derejedäki medallara mynasyp bolmaklary munuň aýdyň güwäsidir.

Azat AMANSAHADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu