Änew — taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älem. Gorgan-gorgan depeleriň, belentli-pesli baýyrlaryň astynda taryhyň müňlerçe ýyllary henizem basyrylyp ýatyr. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar. Hut şu toprakdan tapylan bugdaý däneleri Türkmenistany ak bugdaýyň Watany hökmünde dünýä tanatdy. Şunuň bilen baglylykda, 27-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň esasylarynyň biri boldy.
Bilşimiz ýaly, Änewiň taryhy ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, Merkezi Aziýanyň günorta-günbatar taýpalarynyň irki ekerançylyk taryhyna degişli bahasyna ýetip bolmajak arheologik gymmatlyklar tapyldy. Olar Änewiň Alynky Aziýanyň ekerançylyk medeniýeti bilen baglanyşygynyň bolandygyny görkezýär. Änew medeniýetini öwrenmäge abyrsyz uly goşant goşan W.Masson, I.Hlopin, W.Sarianidi, Ö.Berdiýew, D.Durdyýew, A.Ganýalin, A.Maruşşenko, K.Gurbansähedow, E.Myradowa ýaly alymlaryň geçiren işleriniň netijesine esaslanmak bilen, günorta Türkmenistanyň ýadygärlikleriniň stratigrafik şkalasy kesgitlenildi. Bu bolsa gadymy ekerançylyk medeniýetiniň emele geliş etaplaryny jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda çapdan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny hut şu gadymy medeniýete bagyşlady. Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu eser Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine beslenýän hem-de TÜRKSOÝ-nyň çözgüdi esasynda “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda türkmen halkyna ajaýyp sowgat boldy.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda döwlet Baştutanymyz dünýä döwletleri, hususan-da, türki dünýäniň ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, şu gezekki medeni çäreleriň TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürjekdigine ynam bildirdi. Onda bellenilişi ýaly, Änew halkymyzyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän gadymy şäherleriň biridir.
Eziz EMINOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.