Žurnalistiň sahypasy

Asylly ýörelgeleriň waspçysy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

28-03-2024 / 13

Magtymguly Pyragy — dünýä ähmiýetli şahsyýet. Şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir.

Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygryýeti häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrüldi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna halkara derejede taýýarlyk görülmegi söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijiliginiň umumadamzat gymmatlygydygyny görkezýär.

Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Milli şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem muny tassyklaýar. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygy ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Bu bolsa ussat şahyryň döredijiliginiň ähmiýetiniň hem-de ornunyň dünýäde ykrar edilýändigini, edil şonuň ýaly-da halkymyzyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna, sungatyna mynasyp goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary adamzat paýhasynyň dürdäneleri bolup ýalkym saçýar. Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Muhammet BAÝKABULOW,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu