
«Saglyk bolsun!», «Saglykda görşeliň!», «Sag gidip, aman geliň!», «Saglyk bolsa, galan zadyň bir alajy tapylar» diýen ýaly sözleri durmuşda häli-şindi eşidýäris. Aslynda, bu sözleriň manysyny yzarlap, aňyýetimiziň çuňluklaryny dörjeläp oturmasak-da, ýaşaýyş üçin iň zerur zadyň saglykdygyny şu jümleleriň üsti bilen ýene bir ýola görýäris.
«Saglyk», «Sagdynlyk» düşünjeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hem süňňüne siňen düşünjeleriň hatarynda. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Sportuň, bedenterbiýäniň ýörgünli bolmagy, birinjiden, halkyň, esasan hem ýaşlaryň saglygy üçin uly ähmiýetli bolsa, ikinjiden, dünýäde ýurduň sport abraýynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär» diýmek bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, ertirimiz üçin ruhy hem beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek babatyndaky edýän aladalaryna şaýat bolýan günlerimizde bu düşünjeleriň astynda ýatýan many-mazmuna has anyk göz ýetirýäris.
Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çärelerin saglygyň gözbaşydyr. Sport bolsa öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegiň ýakyn ýardamçysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirkizaman döwrebap sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň, stadionlaryň, ýöriteleşdirilen hassahanalaryň, sagaldyş dynç alyş merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi-de ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerimde ýaýbaňlanýandygyny subut edýär.
Halkyň saglygy ýurduň baýlygydyr. Keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň özenini düzýär. Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň hem ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Dursun AMANOWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



