Ähli ýerde bolşy ýaly, çagalaryň çagalar baglarynda hem sagdynlyk ýörelgelerine berk eýermegi wajypdyr. Bu olaryň saglygy üçin örän ähmiýetlidir. Ýöne, ilki bilen, çagalaryň sagdynlyk ýörelgelerini doly we dogry berjaý etmegi üçin nämeleri bilmeli?!
Sagdynlyk ýörelgeleriniň ilkinji şertleriniň biri-de dogry iýmitlenmekdir. Şol sebäpden, ertirlik edinmezden, hiç ýere gidilmeli däldir. Çünki ertirlik naharynyň diňe bir saglygymyza peýdasy bolman, onuň uky-başarnygymyza hem edýän täsiri uludyr. Öýde çagalara dogry iýmitlenmegiň düzgünlerini we peýdalaryny ata-eneler hem wagtal-wagtal ýatladyp durmaly. Bu olaryň sapaklaryna ýetişigine öz oňyn täsirini ýetirer. Olaryň aç garna uzak wagtlap öýe berlen ýumuşlaryna güýmenmegine ýol bermäň! Bu çaganyň saglygyna ýaramaz täsir edip, beýnisiniň çalt ýadamagyna getirer.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hödürlemesi boýunça nädogry iýmitlenmek bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň şu aşakdaky görnüşlerini tapawutlandyrmak maslahat berilýär:
Kembaha iýmitlenmek – has uzak ýa-da ondan gysgarak wagtyň dowamynda kaloriýasy az bolan iýmitiň iýilmegi zerarly ýüze çykýan ýagdaý.
Çakdanaşa iýmitlenmek – iýmitiň agdyklyk edýän mukdarlary boýunça iýmitlenmek.
Iýmitiň ýetmezçiliginiň özboluşly kysmy – rasionda bir ýa-da birnäçe iýmit maddalarynyň ugurlaýyn ýa-da absolýut ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýan ýagdaý.
Kadaly iýmitlenmegimiziň zerur bolşy ýaly, çagalar öz wagtynda doly ukysyny hem almalydyr. Bu olaryňuzak günki işjeňligine we bedeniň kesellerden goraýjylygynyň güýçlenmegine sebäp bolýar. Sagdynlyk ýörelgelerine doly we dogry eýeriň, sagdyn boluň!
Rena ALLABERGENOWA ,
Daşoguz şäheriniň 28-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy.