
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň taýsyz tagallary netijesinde ýurdumyzda gender syýasaty türkmeniň milli däp-dessurlary bilen sazlaşykly alnyp barlyp, gender deňligi durmuşyň ähli ugurlarynda aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygy we mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzda aýallaryň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda ähli ulgamlarda, şol sanda ösüş strategiýalaryny we jemgyýetçilik taslamalaryny meýilleşmäge gatnaşmaklary, gelin-gyzlaryň jogapkärli wezipelerde işlemekleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda geçirilýän gender syýasaty, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna aýallaryň deň hukukly gatnaşmagyny kepillendirýän institusional we kanunçylyk taýdan goldamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga, jynslaryň deň hukuklylygy konstitusion ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegine, aýallar we erkekler üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, ilkinji nobatda, eneleriň sagdynlygynyň we abadançylygynyň çagalaryň bagtyýarlygynyň girewi bolup durýandygyny belleýär. Aýallaryň reproduktiw wezipelerine, olaryň jemgyýetçilik we döwlet işlerine gatnaşmaga deň ygtyýarlyklary we deň mümkinçiligi bolan ýurtlar has durnukly we durmuşa ukyply döwletler hökmünde täze ýüzýyllygyň meseleleriniň çözgüdine taýýardyrlar. Türkmenistan adam hukuklary hakyndaky esasy halkara namalaryna, şol sanda aýallaryň hukuklary hakyndaky jarnamalara we konwensiýalara goşuldy. Gender deňligi durnukly ösüş bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr we adam hukuklarynyň hemmeler üçin durmuşa geçirilmegi üçin möhümdir. Gender deňliginiň umumy maksady – bu zenanlaryň we erkekleriň durmuşyň ähli ugurlarynda deň mümkinçiliklerden, hukuklardan we jogapkärçiliklerden peýdalanýan jemgyýetdir.
UNFPA zenan-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de gender deňligini elerletmek işinde otuz ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň Hökümetiniň strategiki hyzmatdaşy bolup gelýär. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMG-niň ilat gaznasy we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde hereket edýän adam hukuklary boýunça maglumat merkezlerinde Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriniň Milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda “tegelek stol” maslahatlary geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1999-njy ýylda kabul edilen we 2000-nji ýylda tassyklanan bu Fakultetiw teswirnama laýyklykda, Aýallar barada kemsitmeleri ýok etmek baradaky Komitet döredilip, ol aýallaryň hukuklarynyň yzygiderli ýa-da gödek bozulmalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça yzygiderli iş alyp barýar. ÝUNISEF bütin dünýäniň ähli ýerlerinden gyzlar we zenanlar bilen “Maglumat we Aragatnaşyk Tehnologiýalary bilen meşgullanýan gyzlaryň gününi” belleýär we kompýuter ulgamlary üçin progrommirlemäni öwrenýän türkmenistanly gyzlaram gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça agentliginiň “Gender deňligi: mümkinçilikler hem-de hukuklar boýunça halkara we milli tejribe” atly, şeýle-de BMG-niň ilat gaznasynyň Aýallaryň syýasy hukuklary baradaky Konwensiýasy (1952 ý) boýunça Milli hasabaty işläp taýýarlamak bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Bellenişi ýaly, deputatlar döwlet syýasatyny, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz-nesihat etmek ugrunda geçirilýän çärelere gatnaşýarlar hem-de kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly degişli işleri alyp barýarlar.
Konstitusiýamyzyň 4-nji maddasynda “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir” diýlip beýan edilýär ýa-da Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda “Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr” diýlip kesgitlenendir. 2007-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Parlamenti tarapyndan “Aýallaryň deň hukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adam hukuklaryny, aýratyn-da, zenanlaryň hukuklaryny goramakda alnyp barylýan işler we çäreler mundan beýläk hem yzygiderli dowam etdiriler.
Suraý ANNAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.



