
Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürüp, halkymyzyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy hakynda uly alada edýär. Halk arasynda: «Hemme zadyň sakasy — saglyk», «Saglyk bolsa beglik bolar» diýen parasatly pähimler bar.
Adam we onuň saglygy döwletimiziň gymmatly baýlygydyr. Halkymyz sagdyn bedenli, päk ahlakly nesilleri terbiýeläp, ýetişdirmäge uly ähmiýet berýär. Paýhasly ata-babalarymyzyň «Görk — agyzdan» diýip aýdyşy ýaly, kadaly iýmitlenmegiň hem sagdyn ýaşamaga uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz ak bazarlarymyzy ýylyň hemme paslynda ýokumlara baý önümlerden doly bolmagy üçin eden aladalaryny lezzetini görýäris. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabyny okap, saglygymyz barada köp zatlary bilýäris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylynda uly üstünlikler gazanylýar. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Her ýylymyz bir şygar, / Öňe barýar gül Diýar». Örän jaýdar aýdylýan jümle. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da il-günümiz abadan, asuda, saglyk bilen geljege ynamly gadam urýar. Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşli ýoly rowaçlanyp, halkymyz bagtyýar zamanada ýaşaýar.
Geçmişde dana pederlerimiz nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdirler. Röwşen geljegi nazarlaýan bu iňňän derwaýys mesele dogrusynda hormatly Prezidentimiz hem ýadawsyz alada edýär. Oba-kentlerde, etrap-şäherlerde, welaýat merkezlerinde sport mekdeplerini, sport toplumlaryny açyp berdi. Diýarymyzda bellenilýän milli baýramçylyklarymyzda sportuň, bedenterbiýäniň dürli görnüşleri baýramçylyk meýdanlaryny bezeýär. Sportuň dürli görnüşlerinden mekdeplerde, edara-kärhanalarda bäsleşikler geçirilip durulýar. Şeýle türgenleşikleriň ýola goýulmagy ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, gujur-gaýratly bolmaklaryna ýardam edýär.
Enejan IŞANGULYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň ultrases lukmany.



