Žurnalistiň sahypasy

Beýik geljegimiz – ýaşlarymyzyň bagtyýarlygynda

26-03-2024 / 12

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygynda, ruhy we beden taýdan sagdynlygyndadyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň ykbal özgerdiji ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesil baradaky köptaraply aladalar hemişe naýbaşy orunda durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtaýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda üstünlikli amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň gujur-gaýratyna, netijeli zähmetine, giň dünýägaraýşyna uly ynam bildirilýändiginiň beýanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän aladalaryna, bildirýän uly ynamyna abraý bilen hötde gelmek bolsa ruhubelent ýaşlarymyzyň öz öňlerinde goýýan baş maksatlarynyň biridir.

Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri peşgeş bermegi ýaş nesillerimiziň kalbyny buýsanç duýgularyna gaplady. Bu kitabyň uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda neşir edilmegi hem uly ähmiýete eýe boldy. Sebäbi bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň jemgyýetimiziň durmuşyndaky eýeleýän ornuna mynasyp baha berilýär.

Täze taryhy eýýamda ýaşlaryň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, dürli pudaklarda hem-de ulgamlarda netijeli zähmet çekip, uzakmöhletleýin maksatnamalaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine mynasyp goşant goşýandyklary buýsançly hakykatdyr. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ruhy we beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, hünärli, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine, zähmetsöýerlik däplerine uly sarpa goýýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek babatdaky dünýä nusgalyk aladalarynyň öz miwesini bolluk bilen eçilýändigini aýdyň görkezýär. Dürli ugurlarda öndürijilikli, döredijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine mynasyp goşant goşýan bagtyýar raýatlarymyzyň agramly böleginiň ýaşlardygy diýseň guwandyrýar.

Ajaýyp zamanamyzyň päk göwünli, arassa ahlakly, maksatlary aýdyň bagtyýar nesillerini terbiýeläp ýetişdirmekde zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz egsilmezdir.

Döwletgeldi SULTANOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu