
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň — milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr. Dana Pyragy müňýyllyklardan bäri hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, açyklygy, kalbynyň giňligi we jomartlygy bilen tapawutlanýan türkmen halkynyň synmaz edebi sütünleriniň biridir.
Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň döredijiligi gözýetmez umman bolup, onda ylmyň dürli ugurlary barada gymmatly maglumatlar bar.
Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandyr.
Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bu gün Amerika, Ýewropa, Aziýa yklymlarynyň ylmy we medeni jemgyýetçiligi bilen bilelikde, halkara maslahatlardyr sergiler, ylmy geňeşmeler, medeni çäreler geçirilýär. Ussat şahyryň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen eserler ýygyndylary daşary ýurt dillerine terjime edilýär. Ylmy neşirler, kitaplar, makalalar ýygyndylary taýýarlanylýar, çeper we dokumental filmler döredilýär.
Ýusup BAÝRAMGULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.



