
Aşgabadyň günorta böleginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr. Milli nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekiliniň hormatyna Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumyny döretmek taslamasy bu ýerde alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi.
Milli Liderimiziň beýik şahyra bagyşlap ýazan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusy ähli ildeşlerimiz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi we daşary ýurtlarda-da oňyn seslenme döretdi. Hormatly Arkadagymyzyň milletimiziň baý medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça ýadawsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan yzygiderli işleri dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly mowzuk döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda hem beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Şonda öz çykyşyny Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusynyň sözleri bilen tamamlap, döwlet Baştutanymyz döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylygyň, adalatlylygyň, ösüş ideallaryna wepalylygyň bilelikdäki işlerde esasy we aýdyň ýörelge bolmagyny arzuw etdi.
Şeýlelikde, şanly senä bagyşlanyp geçirilýän we geçirilmegi meýilleşdirilýän ähli çäreler dünýä jemgyýetçiligini Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen giňden tanyşdyrmaga, onuň gaýtalanmajak zehininiň örän çuňdugyna akyl ýetirmäge, umumylykda bolsa halklaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Klara ARTYKOWA,
Daşoguz şäheriniň 23-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



