
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasyna laýyklykda, döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyndaky Karary bilen tassyklanan «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» mazmuny bilen tanşanyňda, bu möhüm ugra gönükdirilen toplumlaýyn wezipeleriň kesgitlenendigini görmek bolýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda taryhy döwürlerde ýurduň çäklerindäki şäherleriň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşandygy beýan edilýär. Ilatyň goňşy şäherler, halklar bilen medeni hyzmatdaşlygy ýola goýandygy baradaky taryhy maglumatlar şöhlelendirilýär.
Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bolsa halkyň myhmansöýerlik, dostluk ýaly asylly ýörelgeleriniň binýadynda halkara hyzmatdaşlygyň barha giň gerime eýe bolýandygy nygtalýar. Myhmansöýerligiň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýandygyndan ugur alnyp «Myhmançylyk däp-dessurlary halkymyzyň zandyndaky häsiýetleriniň biridir. Çünki bu däp-dessurlar adamlaryň özara ýakynlaşmagynyň iň ynamly serişdesidir» diýlip jaýdar bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz tebigy baýlyklara we gözel ýerlere, taryhy, etnografik we durmuş-medeni gymmatlyklara örän baýdyr. Munuň şeýledigini hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygynyň netijeleri hem doly tassyklaýar. «Gadymy Merwiň», «Köneürgenjiň», «Nusaýyň» taryhy-medeni goraghanalarynyň ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetiniň taryhyna, gadymy topragyň geçmişine, häzirki döwrüne dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär hem-de syýahatçylygyň ösüşini şertlendirýär.
Häzirki döwrüň durmuş-ykdysady ösüşlerini, binagärligiň öňdebaryjy nusgalaryny, taryhy wakalaryň şaýady bolan gadymy ýadygärlikleri, ýurdumyzyň tebigy gözelliklerini synlamaga isleg bildirýänleriň sanynyň barha artýandygyny hünärmenler tassyklaýar. Syýahatçylygyň giň gerime eýe bolmagy türkmeniň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirilen işleriň kämilleşmegine oňaýly täsir edýär.
Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.



