
Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu şäher öňdebaryjy sanly, maglumat- aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr.
Täze şäherde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi. Bu ýerde halkara standartlaryna, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky standartlara laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýaşaýjylara we myhmanlara ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berdi.
«Akylly» öý tehnologiýalary ornaşdyrylan ýaşaýyş jaýlary geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamy internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär. Bu öňdebaryjy tehnologiýalar toguň, agyz suwunyň we tebigy gazyň sarp edilişini hasaba almaga mümkinçilik berýär. Şäheriň «akylly» öýlerinde «LoRaWAN» (Long Range Wide Area Network — Uzak aralykdan giň meýdan tory) enjamlary ornaşdyrylyp, bular yşyklandyryş we ýyladyş enjamlaryny dolandyrmak we olara gözegçilik etmek üçin hyzmat edýär. Bu innowasion tehnologiýa öý eýelerine enjamlaryny uzak aralykdan dolandyrmaga hem-de energiýany tygşytlamaga ýardam berýär.
Arkadag şäheriniň gurluşygy we onuň sanly binýadynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary üçin nazary bilimlerini, ukyplaryny, täzeçil tekliplerini, pikirlerini iş ýüzünde ulanmagyň özboluşly mekdebine öwrüldi.
Mekan HAÝYTGULYÝEW,
Tuükmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.



