Žurnalistiň sahypasy

Änew — tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty

27-03-2024 / 15

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2024-nji ýy­ly “Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly”, ga­dy­my Änew şä­he­ri­ni bol­sa şol ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky çöz­güt Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mej­li­sin­de ka­bul edi­lip­di. Mu­nuň özi hal­ka­ra yn­san­per­wer baş­lan­gyç­la­ry iş­jeň­leş­dir­ýän döw­let hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň ta­gal­la­la­ry­nyň we bar bo­lan ägirt uly me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri­niň yk­rar edil­me­gi­niň no­bat­da­ky gü­wä­si­dir.

TÜRK­SOÝ bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi­niň ýa­kyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len mej­li­si bu gu­ra­ma bi­len köp­ta­rap­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň “Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet” at­ly tä­ze ki­ta­byn­da türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly geç­mi­şi düýp­li we gi­ňiş­le­ýin be­ýan edi­lip, dür­li ta­ry­hy mag­lu­mat­lar be­ril­ýär. Şeý­le hem bu aja­ýyp eser­de hal­ky­my­zyň ta­ry­hy, asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len ga­dy­my me­de­ni, ru­hy däp-des­sur­la­ry ba­ra­da söh­bet edil­ýär.

Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän ýa­dy­gär­lik­le­riň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy­na-da aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu gym­mat­lyk­lar dür­li ar­heo­lo­gik dö­wür­le­re we mil­li me­de­ni däp-des­sur­la­ra de­giş­li bol­mak bi­len, hal­ky­my­zyň hem-de onuň geç­mi­şi­niň ru­hy esas­la­ry hök­mün­de dö­wür­le­ri öza­ra bir­leş­di­rip, hä­zir­ki döw­rüň ne­sil­le­ri­ni ýag­şy däp-des­sur­la­ryň do­wam et­di­ril­me­gi­ne, türk­men top­ra­gy­nyň be­ýik geç­mi­şi­ne hor­mat bi­len ga­ra­ma­ga iter­ýär. Di­ýa­ry­my­zyň bu kün­je­gi ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­riň gat­lak­la­ry­ny özün­de sak­la­ýar: hut Aha­lyň dag etek­le­rin­de il­kin­ji eke­ran­çy­lar ak bug­da­ýy ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip­dir­ler, ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri şu me­kan­dan göz­baş al­ýar. Geç­miş­de bu ýer­de me­de­ni­ýe­tiň gül­läp ösen­di­gi­ne bar bo­lan ta­ry­hy mag­lu­mat­lar şa­ýat­lyk ed­ýär.

“Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şu ýyl­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de we da­şa­ry döw­let­ler­de be­ýik akyl­dar şa­hy­ryň ýu­bi­le­ýi­ne ba­gyş­la­nan çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Ola­ryň esa­sy mak­sa­dy mun­dan beý­läk-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­nyň wa­gyz edil­me­gi­ne ýar­dam et­mek­den, bu ugur­da yl­my bar­lag­la­ry çuň­laş­dyr­mak­dan, türk­men nus­ga­wy şa­hy­ry­nyň şa­hy­ra­na we fi­lo­so­fik dün­ýä­si­ne hal­ka­ra yl­my-ede­bi jem­gy­ýet­çi­li­giň ün­sü­ni çek­mek­den yba­rat­dyr.

Akjagül NURÝAGDYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu