
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanda medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylda amala aşyrylýan özboluşly taslamalar ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, olary halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklary, baý aýdym-saz medeniýeti bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär, ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurlup ulanmaga berildi we olarda aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjylaryň çykyşlary guralýar. Ýaşlaryň köpüsi ilkinji aýdym-saz bilimini sungat mekdeplerinde, oba medeniýet öýleriniň döredijilik toparlarynda alýarlar. Bu ýerlerde döredijilik bilen meşgullanmak, özboluşly milli aýdym-saz sungatymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga ukyply ýaş zehinleri ýüze çykarmak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän hem-de döredijilik işgärleriniň hünär taýdan ösüşine, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagyna, ýaşlary milli medeniýetiň genji-hazynasyna giňden çekmäge ýardam edýän “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda ýaş höwesjeň aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşigi, körpe zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýdym-sazly bäsleşigi we beýlekiler geçirilýär.
TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky çözgütler biragyzdan kabul edildi. 2023-nji ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçirildi.
Her ýylda geçirilýän medeni çäreler umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň medeniýetini, ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny ähli öwüşgini bilen görkezmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.
Özara gatnaşyk etmegiň netijeli serişdesi bolup durýan medeniýet we sungat ýurtlarydyr halklary parahatçylyga, gözellige, sazlaşyga, umumy abadançylygyň bähbidine gülläp ösüşe goşant goşmak maksadynda jebisleşdirip, olaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Türkmenistan asyrlaryň çuňlugyna uzaýan milli mirasy we häzirki zaman gazananlary bilen sebitde giň medeni hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde özboluşly taryhy-medeni mirasyny we sungatyny wagyz etmek boýunça döwlet syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär.
Şatlyk ORAZMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.



