
Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligiň gazanylmagyny şertlendirdi. Onuň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr.
Durmuşa geçirilýän milli maksatnamalar, ilkinji nobatda, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilýär. Şunda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýa hem-de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna möhüm orun degişli bolup, olarda göz öňünde tutulan wezipeler yzygiderli amala aşyrylýar. Şeýle hem «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020–— 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa» laýyklykda, çaganyň irki ösüşi üçin zerur bolan ýokary hilli saglyk hyzmatlary, sagdyn iýmitleniş, mekdebe çenli bilimiň üpjün edilmegi ugrundaky işler hem üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurda BMG-niň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, ÝUNISEF, Ilat gaznasy ýaly iri düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklanylýar.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň mart aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň hemaýaty bilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde, welaýatlarymyzyň köpugurly, şeýle-de çagalar hassahanalarynda çagalarda kardiohirurgiýa, trawmatologiýa we ortopediýa, neýrohirurgiýa ugurlary boýunça anyklanýan kesellerde operasiýalar amala aşyrylyp başlandy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, şeýle hem ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň wajypdygyny nygtaýar. Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almakda, irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, raýatlary köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar.
Halkyň saglygy ýurduň baýlygydyr. Keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň özenini düzýär. Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň hem ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Rejepgül HAÝIDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy ve topografik hirurgiýasy kafedrasynyñ dosenti.



