
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işler şöhratlanýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet Baştutany wezipesine girişmegi bilen: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgäni döwlet syýasatynyň gözbaşynda goýdy. Iki ýylyň dowamynda gazanylan beýik ösüşler, ýetilen sepgitler hormatly Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkymyzyň belent ynamyna mynasyp bolmak bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz il-ýurt baradaky aladany ilkinji orunda kesgitledi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen döwrüň beýik gudraty bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi durmuş ugurly döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nyşanydyr.
Göwünlere ganat berýän galkynyşly döwrüň eçilýän ajaýyplyklaryny, gazanylýan üstünliklerini synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň: «Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris» diýen parasatly sözleri seriňe dolýar. Täze taryhy eýýamda ulus-ilimizi has-da joşgunly hem-de yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýan bu şygar köňülleriň, ýürekleriň birleşýän ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli rowaçlanýar.
Il-halkymyz bilen jebislikde, agzybirlikde külterlenen şanly menziller hormatly Prezidentimiziň beýik işleri bilen şöhratlanýar. Bu gün Watanymyz rowaçlyklaryň, gülläp ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Bu döwletli döwran Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýörelgesiniň dowamata atarylýan eýýamydyr.
Gunça HATAMOWA,
TMÝĢ-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňesiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.



