Žurnalistiň sahypasy

Döwre buýsanç — geljege ynam

25-03-2024 / 14

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň baý we şöhratly taryhy ylmy esasda öwrenilip, ony nesilden-nesle geçirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan uly üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde hem Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň her bir güni ýaşlaryň gatnaşmagynda toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygar astynda geçýän bu ýylymyzda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap bilim almaklary, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, gözýetimlerini giňeltmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem muňa aýdyň mysal bolup durýar. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, ýaş nesli watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bolup durýar.

Bilşimiz ýaly, her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Ine, bu ýyl hem türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyryldy. Bu ajaýyp şygar astynda başlan ýylymyzyň ilkinji günlerinden bäri türkmen halky Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine degişli birnäçe döredijilik duşuşyklary, şahyryň goşgularyndan düzülen birnäçe bäsleşiklerdir konsertleri guradylar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edilmegi ýurdumyzda şeýle ajaýyp şahsyýetlere uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nusgasydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, biz — ýaş syýasatşynaslara nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Serdar SÖÝÜNSAFAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu