
Bilim — jemgyýetiň ösüşini öňe ilerlediji güýç. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar». Şonuň üçin-de, ýaşaýşymyzy ýagtylandyrýan, durmuşymyzy gözelleşdirýän açyşlar, ylmy üstünlikler diňe bilim beriş derejesiniň hiline bagly bolmak bilen, ýurdumyzda döwlet bilim syýasaty ynsanperwerlik, millilik, terbiýe bilen bitewülik, dünýewilik, ylym we önümçilik bilen baglanyşyklylyk, döwrebaplyk ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde ýaş nesle kämil, öňdebaryjy bilim-terbiýe berilýän bolsa, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýaşlaryň müňlerçesinden milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşjak hünärmenleriň uly tapgyry taýýarlanylýar. Talyp ýaşlarymyz bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Bu barada hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň «Ýaşlar bilim ulgamynda» bölüminde: «Men mekdep okuwçylarymyzyň döwlet bäsleşiklerinde hem, halkara bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryna buýsanýaryn. Sebäbi kuwwatly döwletiň ösüşi ylym-bilim bilen baglydyr. Şonuň üçin ýaş nesilleriň döwrebap ruhda terbiýelenmegi, okamagy we öwrenmegi üçin döwletimizde amala aşyrylýan beýik işler ýaşlaryň her biriniň ýüreginde söýgi, mähir döredýär. Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bagtly, bagtyýar çagalaryň mekanydyr» diýip belleýär.
Şunuň bilen baglylykda, eserde Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta we hünär bilimini berýän orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyna üns çekilýär.
Bu Konsepsiýalaryň ählisiniň düýp maksady çuňňur bilimli, dünýä derejesinde pikir ýöredip, giň dünýägaraýşa eýe nesilleri kemala getirmekden, olary jemgyýetimizi kämillige ataryjy we alyp gidiji güýç hökmünde röwşen geljege taýýarlamakdan ybaratdyr. Röwşen geljegi gurmak bolsa, şu günki ýaş nesliň dünýäde bilim we ylym babatda iň öňdebaryjy gazanylanlary özleşdirip, olary millilik ruhuna ýugrup, tejribede ulanmak arkaly dünýä ösüşi bilen aýakdaş giden halatynda mümkindir. Jemläp aýdanyňda, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Bularyň hemmesi bagtyýar ýaşlaryň ajaýyp şu gününe, röwşen geljegine gönükdirilen beýik işlerdir».
Muhabbat HUDAÝBERDIÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.



