Žurnalistiň sahypasy

Berekediň egsilmesin, topragym!

23-03-2024 / 12

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen Lebap welaýatynda hem gowaça ekişine girişildi. Möwsümiň öňüsyrasynda degişli daýhan birleşiklerinde oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudagyň okgunly ösüşini, ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümleriniň möçberiniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi. Hususan-da, gowaça ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek, onuň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekinlere zyýan berijileriň hem-de haşal otlaryň öňüni almak barada pikir alşyldy.

Güneşli ülkämiziň sahawatly topragyndan bol hasyl öndürýän türkmen daýhanyna işlemäge, halal zähmet bilen baýamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Tehniki hyzmatlaryň, döküniň, tohumyň daýhanlara ýeňillikli bahadan berilmegi, dünýäniň ösen ýurtlarynyň kämil tehnikalarynyň döwlet tarapyndan yzygiderli satyn alynmagy, kärendeçiler bilen tabşyrylan önüm üçin öz wagtynda hasaplaşyk geçirilmegi, zerur himiki serişdeler, suw bilen üpjünçilikde bökdençligiň bolmazlygy, bugdaýy, gök-bakja önümlerini ýokary hilli saklanmak üçin elewatorlaryň gurulmagy, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, ekinleriň ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda ekilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Etrabymyzyň daýhanlary hem döwlet tarapyndan döredilýän ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna uly goşantlaryny goşýarlar.

Goý, halkymyzyň bolelin, asuda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi üçin alada edýän, Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeldýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!

Aýgözel  ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu