
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iri forumy geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, hususy pudagyň milli maksatnamalary, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyny açyp görkezdi.
Bu ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan giň gerimli sergide kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň arasynda sergä ilkinji gezek gatnaşýanlar hem bar.
Häzirki döwürde ylmy esasda işlenip düzülen, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Bu çemeleşme bar bolan önümçilikleri tehniki we guramaçylyk taýdan kämilleşdirmekde, eksporta niýetlenen önümleriň täze görnüşlerini öndürmekde telekeçiler üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýlelikde, döwletimiz ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatda oňaýly şertleri döretmek we başlangyçlary öňe sürmek bilen, hususy kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam berýär, olaryň innowasion işlere çekilmeklerini, halkara derejede tejribe alyşmaklaryny üpjün edýär. Sergide ähli pudaklaryň bölümlerinde diýen ýaly görkezilen “täze önüm”, “importyň ornuny tutýan önümçilik” ýa-da “innowasion tehnologiýa” ýaly aýratynlyklara laýyk gelýän köp sanly önümler hem bu ugurda gazanylan üstünlikleri aýdyňlygy bilen subut edýär.
Gözden geçirilişiň çäklerinde TSTB-niň edara binasynyň mejlisler jaýynda telekeçilik işiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga bagyşlanan maslahat hem geçirildi. Hususy önümçilige täze tehnologiýalary we öňdebaryjy nou-haulary ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek, hususy önüm öndürijileriň önümleriniň, hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzda öndürilýän önümlere sarp edijileriň ünsüni çekmek, telekeçilik işini kämilleşdirmek bilen bagly meseleleri toplumlaýyn seljermek maslahatyň gün tertibiniň esasy ugurlary boldy. Nobatdaky sergi Garaşsyzlyk ýyllarynda ajaýyp üstünliklere eýe bolan milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň we täzelikleriň aýdyň beýanydyr.
Begendik DÖWLETÝAROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



