Žurnalistiň sahypasy

Döwletimiziň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri ýokarlanýar

22-03-2024 / 12

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda üstaşyr ulag geçirijiligini ýokarlandyrmak we halkara logistika ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan hem ýurdumyzyň gümrük serhedinden ulaglaryň we ýükleriň geçirilmegini çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri döretmek boýunça döwrebap işler alnyp barylýar. Döwrebap enjamlaşdyrylyp gurlan serhetýaka gümrük nokatlary, bu günki gün ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag serişdeleriniň we ýükleriň möçberiniň yzygiderli artýan şertlerinde gümrük gözegçiliginiň ygtybarlylygyny peseltmezden, bökdençsiz we çalt amala aşyrylmaga doly mümkinçilik berýär. Serhetýaka gümrük nokatlarynyň ählisinde ýurdumyza gelýän ýa-da çykýan, şeýle hem üstaşyr geçýän ýük awtoulaglaryny sanly ulgamyň üsti arkaly resmileşdirmek ýola goýuldy. Bu bolsa halkara ýük daşamalarynda awtoulag sürüjileriniň ýol resminamalaryny resmileşdirmek üçin wagtlaryny ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük nokatlarynda maglumatlaryň we gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gümrük barlagynyň awtomatlaşdyrylmagy bilen gümrük gözegçiliginiň we resmileşdirmesiniň döwrebap derejede, tiz amala aşyrylmagy, ýük daşaýjylar üçin amatly şertler bolup durýar. Şeýle oňyn şertler, halkara ýük daşamalarynda ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr-ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini artdyrmaga, olaryň sebitdäki we halkara logistik zynjyryndaky ähmiýetini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolan halkara üstaşyr-ulag ulgamyny ösdürmek babatdaky başlangyçlary, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr-ulag geçelgeleriniň halkara söwdanyň logistikasyndaky ähmiýetini barha ýokarlandyrýar. Şoňa görä-de, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary ýurdumyzdan üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberi ýylsaýyn ýokarlanýar. Bu bolsa Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň ýene bir subutnamasydyr. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen, her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu möhüm çözgüt ýurdumyzyň bu ugurda amala aşyrýan işleriniň barha ýokarlanýandygyny dünýä jemgyýetçiligine ýene bir ýola aýan etdi.

Bu amala aşyrylýan halkara derejeli möhüm işleriň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Maksat NURBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu