Žurnalistiň sahypasy

Pyragyň arzuwlan zamany geldi, bilim bagty bu gün belende galdy!

22-03-2024 / 15

Täze taryhy eýýamymyzda milli ruhy-edebi mirasymyzy düýpli öwrenmek hem-de ony dünýä ýaýmak işleri barha ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşdyrmaga ukyply bolan nesli kemala getirmek barada edilýän aladalaryň nyşanydyr. Kämil nesli kemala getirmekde bolsa Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Akyldar şahyryň çeper döredijiligi türkmen durmuşynyň täsin aýnasydyr. Onuň filosofik mazmunly şygryýetinde durmuşy meseleleriniň parasatly çözgüdi aýdyň beýanyny tapýar. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynyň «Ýeldim tut!» bölüminde hem täsirli wakalaryň üsti bilen delillendirilýär. Eserde paýhasly türkmen gojasy Berkeli aganyň çeper keşbiniň üsti bilen halkymyza muwapyk bolan ahlak häsiýetleri hem-de ýaşaýşyň ölçegleri barada söhbet açylyp, Magtymguly Pyragynyň ýiti paýhasyndan kemala gelen setirlere sada dilde düşündiriş berilýär.

Beýik şahyryň dana setirleri asyrlar içre öz wajyplygyny ýitirmän gelýär. Şahyryň şygyrlarynda milli ahlak-terbiýeçilik mekdebi köp asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen ýörelgeler bilen utgaşýar. Şeýle-de şygyrlarda türkmeniň milli däp-dessurlary, salamlaşmak, hal-ahwal soraşmak edähedi, ata-eneňi gözüň göreji ýaly arzylamak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, agzybirlik, akgöwünli, adalatly bolmak ýaly edep ýörelgeleri çuňňur pähim-parasada ýugrulyp kämilleşdirilipdir.

Häzirki wagtda beýleki birnäçe nusgawy edebiýatymyzyň görnükli söz ussatlary bilen birlikde, Magtymgulynyň edebi mirasyna hem ýokary baha berilýär hem-de onuň eserleri ylmy esasda düýpli öwrenilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Geçen ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan hormatyň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň nyşanydyr.

Mähri ABDYWELIÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 36-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu