Žurnalistiň sahypasy

Ykdysady gatnaşyklaryň ýüze çykmagy

13-03-2024 / 18

Taryha ser salmaklyk bize ykdysady gatnaşyklaryň ýüze çykyşyna,ösüşine düşünmäge uly mümkinçilik döredýär. Ykdysady gatnaşyklaryň ýüze çykyşynyň esasy hökmünde ilkidurmuş obşinalarynda kemala gelen haryt önümçiligi çykyş edýär. Ilkidurmuş adamlary öndüren harytlaryny biri-birleriniň arasynda alyş-çalyş edipdirler. Ýagny bir harydy gös-göni beýleki haryda çalşypdyrlar. Öndürilýän harytlaryň mukdarynyň artmagy bilen alyş-çalyş ýaýbaňlanyp başlaýar. Alyş-çalyşyň ýaýbaňlanmagy, adamlaryň aň düşünjesiniň ösmegi bolsa ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine uly itergi beripdir.

Haryt önümçiliginiň döräp başlan mahalynda ýokardaky ýaly gatnaşyk emele gelen bolsa soň-soňlar ykdysadyýetiň ösmegi ilkidurmuş obşinalarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň ýitileşmegi, täze dörän döwletleriň hökümdarlarynyň adyndan şaýy pullaryň zikgelenmegine syrygýar. Netijede, täze bir gatnaşyk ýagny haryt önümçiliginde bir haryt beýleki haryda çalşylman, eýsem, olar pula çalşylyp başlanýar. Alyş-çalyşyň ösmegi bilen ilki biziň taryhy-medeni, ykdysady şäherlerimiziň öz içinde gatnaşyk saklanan bolsa ýuwaş-ýuwaşdan bu gatnaşyklar goňşy şäherleriň arasynda hem ýitileşip başlanýar. Olara mysal hökmünde Merw bilen Könürgenç, Merw bilen Sarahs ýa-da Abiwert bilen Dehistanyň arsynda ýüze çykan ykdysady gatnaşyklary görkezip bolar. Bulardan başga-da, ösüşiň ýokarlanmagy netijesinde Hytaý-Türkmenistan, Türkmenistan-Eýran, Özbegistan-Türkmenistan ýaly ýollarda hem söwda gatnaşyklary giňäp başlaýar. Netijede, gündogarda beýik Hytaý döwleti, günbatarda bolsa Ýewropa döwletlerini birleşdirýän kerwen ýollary peýda bolup başlapdyr.

Şol döwürde Hytaýdan ýüpek matalary, çaý, aýna ýaly harytlar getirilip biziň ýurdumyzdan hem pagta, ýorunja tohumy ýaly önümlerimiz äkidilipdir. Söwdanyň ösmegi Beýik Ýüpek ýolunyň döremegine eltýär. Beýik Ýüpek ýoly diýilmeginiň sebäbi hem köp mukdar-da ýüpek gurçugynyň, ýüpek matalarynyň alyş-çalyş edilmegi, oňa bolan islegiň artmagy bilen baglanşyklydyr. Türkmenistan taryhdan belli bolan maglumatlara görä ösen ykdysady sebitleriň biridir. Ýurdumyzyň çäginde ösen söwda-ykdysady şäherler, kerwensaraýlar gurlupdyr. Ol şäherlerden Amul, Merw, Sarahs, Nusaý, Abiwert, Könürgenç, Dehistan ýaly ösen ykdysady gatnaşyklary bolan merkezleri bellemek bolar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň söwda-ykdysady ulgamyny ösdürmek, Beýik Ýüpek ýolunyň işini täzeden dikeltmek maksatly birnäçe işleri amala aşyrýar.

Dinara NURLYÝEWA,
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu