Žurnalistiň sahypasy

Bagtyýar geljegi gurujylar

11-03-2024 / 12

Taryha nazar salsak, her bir halkyň geljegi ýaş nesilleriň jemgyýetde tutýan orny, olara döwlet tarapyndan berilýän goldawyň derejesi bilen kesgitlenýär. Şol sebäpli geljegi barada alada edýän her bir döwlet ylymly-bilimli, gujur-gaýratly, Watana wepaly, ösen döwletleriň ýaşlaryndan kem bolmadyk, geçmiş taryhyna sarpa goýýan, Watanyň ösüşlerine özüniň saldamly goşandyny goşup biljek kämil ýaş nesli terbiýelemek barada alada edýär.

Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz hem şu asylly maksatlary ýörelge edinýän döwletleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini ygtybarly goraýan, olaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän kanunçylyk namalary hereket edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olaryň ylmyň soňky gazanan innowasion sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmaklaryny gazanmak, watansöýüjilik düşünjesini has artdyrmak, hünär öwretmek, sportuň dürli ugurlary boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşine itergi berjek bu maksatnamanyň esasynda ýaşlar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen täze pikirleri öňe sürýän meýilnamalary işläp düzmäge, olary iş ýüzünde amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar.

Bilşimiz ýaly, geçen ýylda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi ýokary derejede geçirildi. Ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan bagtyýar ýaşlarymyz döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, dünýädäki abraýynyň has-da belende galdyrylmagynda ýaşlaryň kesgitleýji orny eýeleýändikleriniň aýdyň beýanydyr.

Ýaşlar baradaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerimizi aýdýarys.

Göwher AŞYROWA,
Hojambaz etrap kazyýetiniň kanselýariýa müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu