Jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy maşgalanyň jebisligi bilen özara baglanyşyklydyr. Maşgalanyň abraýy onda terbiýelenýän çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişine, daş-töweregindäkiler, ilkinji nobatda bolsa ene-atasyna we beýleki maşgala agzalaryna bolan edepli gatnaşygy bilen ölçenilýär.
Keý-Kowusda şeýle setirler bar: «Sözle, seniň kimligiňi aýdaryn». Eger, şol söz ýürekden çykan söz bolsa, ol onuň ruhy keşbiniň aýnasydyr.
Bir kişi hemişe öý-ojagyndaky maşgala agzalaryndan berk tertip-düzgün talap edýän eken. Günlerde bir gün ol uzak wagtlyk sapara gitmeli bolupdyr. Olaryň sapary aýalynyň doglan gününe gabat gelipdir. Şonda ol kişi aýalyny gutlap, ýagşydan-ýagşy arzuwlar ýazylan haty we onuň gowy görýän güllerinden bir desse güli sowgat iberipdir. Ýöne ol şol desse güli demir zynjyr bilen bogup iberipdir. Sowgat gowşurylypdyr. Ähli maşgala agzalary hoşal bolupdyrlar. Olar gül dessesiniň näme üçin demir zynjyr bilen daňlyp iberilendigine-de düşünipdirler. Ol «Siz hemişe berk tertip-düzgüni saklamalysyňyz» diýlip ýatladyldygy eken.
Edep-terbiýe, ine, şular ýaly gymmatlyklardan gözbaş alýar. Adam üçin edebiýat, pederlerimiziň öwüt-nesihata ýugrulan sözleri terbiýe mekdebi bolup durýar. Halkyny, onuň gymmatlyklaryny söýýän, hormat goýýan, adam terbiýeden daş düşmeýär. Özünde iň asylly häsiýetleri jemläp, halal ýaşaýar, halal işleýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň netijesinde ynsap-ygrarly halkymyzyň milli gymmatlyklary dünýä ýaýylsyn!
Nurgözel HUDAÝBERENOWA,
Türkmenabat şäherindäki 5-nji mekdep-internatynyň terbiýeçisi.



