Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutýan strategik ugurlarynyň biridir. Döwletimizde degişli ugry kemala getirmek üçin giň möçberli maýa goýumlar gönükdirilip, daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli, iň kämil innowasiýalar ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça taryhy çözgütler kabul edilýär. Munuň özi durmuşa geçirilýän işleriň döwrebap, özara sazlaşykly hem-de utgaşykly ýerine ýetirilmegine, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine ýardam berýär. Muňa şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda maksatnamalaýyn özgertmeler esasynda jemi içerki önümiň 6,3 göterim möçberde durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýän ata Watanymyz häzirki güne çenli sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek babatda giň tejribe toplady. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda başy başlanan sanly reforma döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, sanly reforma ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrylýar. Konsepsiýa laýyklykda, halk hojalygyna we durmuşymyzyň ähli ugurlaryna döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşinde döwlet hyzmatlar portaly döredilip, onda maglumat hyzmatlary bilen birlikde döwlet edaralarynyň internet saýtlary ýerleşdirildi.
«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy örän anyk maksatlary we wezipeleri öz içine alýar. Onda jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň tutýan ornuny artdyrmak, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen kuwwatly senagat döwleti hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýär.
Göwher SOLTANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.



