Watan goragy! Bu mukaddes söz her bir ynsanyň kalbynyň töründen müdimi orun alýar. Ata Watanyny ezizläp, oňa jany-teni bilen gulluk etmek halkymyzyň gadymdan gelýän çirksiz ýörelgesi. Taryhyň sahypalaryna ýüzlenenimizde, Görogly begiň, Togrul begiň, Soltan Sanjaryň… öz halkynyň, il-gününiň, ýurdunyň asudalygy, abadanlygy, göbek gany daman ene topragynyň hemişe parahat dem almagy ugrunda uly-uly gahrymançylyklary görkezendiginiň şaýady bolýarys.
Ata-babalarymyzyň bu asylly göreldeleri bu gün merdana Watan goragçylarymyza çelgi bolup hyzmat edýär, olaryň ýoluny nurly Gün deýin ýagtyldýar. Olaryň hersiniň gursagynda Watana bolan çäksiz söýgi ýatyr. Şol umman deý çuň söýgi bolsa olary Watan goragyna çagyrýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 58-nji maddasynda: «Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir» diýlip nygtalýar. Şundan ugur alyp, Watanynyň her gününde özüni görýän wepaly we gaýratly ýigitlerimiz harby gulluga uly höwes bildirýärler.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, 16 ýaşy dolan erkek raýatlar harby wekilligi tarapyndan harby hasaba alnyp, olar nyzamly gulluga taýýarlanylýar. Şol döwür içinde olaryň maşgala we saglyk ýagdaýlary doly öwrenilýär. Harby borçlulyk 18 ýaşdan başlanýar. Doly saglyk barlagyndan geçen, nyzamly gulluga ýaramly diýlip hasap edilen erkek raýatlar welaýat harby wekilliginden Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine we beýleki goşunlaryna nobatdaky çagyrylyş boýunça dabaraly ýagdaýda harby gulluga ugradylýar. Il-ulusynyň rahatlygynyň goragynda gezýän merdem Watançylar her daban topragymyzy gözüniň owasy deý ezizleýärler.
Ata Watany, ene topragy söýüp-sarpalamak babatynda ählitaraplaýyn görelde görkezýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kämil paýhasy hem-de çuňňur zehini biziň durmuş ýörelgämiziň şamçyragydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ýaly ajaýyp kitaplary bilen bir hatarda, «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eseri hem bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir. Bu kitaplary okan her bir ynsanyň kalbyny watansöýüjilik ýaly tämiz duýgular gaplaýar.
Gurbanbaý GURBANBAÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 2-nji ýyl harby talyby.



