Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär.
Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň güýz paslynyň ilkinji gününde Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebine, okuw-terbiýeçilik toplumyna, ýöriteleşdirilen mekdeplere, çagalar baglaryna körpeleriň, okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň ruhubelentlik bilen gadam basandyklaryny bellemelidiris.
Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 1-nji sentýabrda ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsiniň — Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar. Ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejä çykýar. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
Wepa ATAÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.



