Žurnalistiň sahypasy

Täzelenişiň we rowaçlygyň dabaralanmasy

09-03-2024 / 12

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan we türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda durýan Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, tebigatyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. Bu sene halklaryň arasyndaky hoşniýetliligiň berkarar bolýandygyny äşgär edýär. 2010-njy ýyldan bäri Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän bu sene adamzadyň iň ähmiýetli we möhüm baýramlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek bilen, bu baýramçylygyň halklaryň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary berkitmek, dost-doganlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ösdürmek ugurlaryny özünde jemleýändigini ykrar etdi. Taryhy asyrlara uzaýan bu ajaýyp baýram öz halkynyň milli gymmatlyklaryna, baý medeni mirasyna çuňňur hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Nowruz döredijilige, zähmet ýokary göterilişine, daşky gurşawyň özgermegine çagyryş bolmak bilen, tebigata sazlaşyk, gözellik we hoşniýetlilik eçilýär. Bu baýram halkymyzyň belent ruhuny, zähmetsöýerligini hem-de galkynyşy özünde jemläp, hemmeleri ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar we ýüreklerimizde gülläp ösýän Watanymyza, bagtyýar şu döwrümize hem-de nurana geljegimize buýsanjymyzy, söýgimizi artdyrýar.

Bagtyýarlygyň, abadançylygyň we belent maksatlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda Milli bahar baýramy uly dabaralar bilen bellenilýär. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birindäki ajaýyp giňişlige — döwlet derejesinde geçirilýän bu baýramyň uly dabaralara beslenýän ýerine Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Nowruz ýaýlasy» diýlip at dakyldy. Munuň özi bahar paslynyň gelmegi bilen ajaýyp görnüşe eýe bolýan giňişligiň türkmen halkynyň milli ruhuna laýyklykda atlandyrylandygyny görkezýär.

Gülsona REJEPALYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň Tokaý we seýil-bag hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu