
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň 1 — 7-nji marty aralygynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde rus dili we edebiýaty usulyýet birleşmesiniň agzybir mugallymlarynyň we talyplarynyň tagallalalary bilen rus dili hepdeligi guraldy.
Hepdeligiň ilkinji güni mekdebiň ähli talyplarynyň arasynda «Порой такая встретится красавица» («Gözel bardyr, gözellerden zyýada») atly surat çekmek bäsleşigi bilen başlandy. Şonuň ýaly-da, hepdeligiň dowamynda birnäçe bäsleşikler guraldy. Olara «Конкурс на выразительное чтение стихотворений», «Лучший чтец» (Çeper okaýyş), «Конкурс на лучшую инсценировку из басен и сказок» (Basnýalardan we ertekilerden gysgajyk sahnalaryň bäsleşigi), çeper filmlerden soraglar, ugurtapyjylaryň we düşbüleriň bäsleşigi ýaly çäreleri mysal getirmek bolar.
«Если мама рядом, полон мир чудес» («Ejeň bolsa ýanyňda…») ady bilen ýokary ruhubelentlikde geçirilen aýdym-sazly rus dili we edebiýaty agşamy mährem enelere, gelin-gyzlarymyza bagyşlandy.
Bu ders hepdeligine işjeň we höwes bilen gatnaşan ähli mugallymlara, talyplara hepdeligiň jemleýji gününde Hormat hatlary we baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gunça WELKAKAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy.



