Žurnalistiň sahypasy

Körpeleriň geljegine ýagty saçýan şahsyýet

06-03-2024 / 13

Özüniň umman ýaly giň, jöwher ýaly ýiti zehinli döredijiligi bilen ýaş nesle görelde mekdebi bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy gymmatly eserleri  körpe nesli ahlakly, Watana wepaly edip terbiýelemekde uly paýy bar. Ynha, üstümizdäki ajaýyp ýylymyzyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagynyň çuňňur manysy bar. Nesip bolsa, bu ajaýyp ýylda dünýä akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilip geçiler.

Zähmet çekýän çagalar bagymyzda Türkmenabat şäheriniň çagalar bagynyň terbiýeçileriniň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy çagalaryň geljegine şöhle saçýan Gün ýaly” ady bilen guralan sergi hem hut akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa terbiýeçiler bilen bir hatarda, çagalar bagymyzda terbiýelenýän körpeler hem gatnaşdylar. Munuň özi ýaş nesilde şahyra bolan söýginiň has-da artmagyna, onuň ölmez-ýitmez umman ýaly giň döredijiligi bilen ýene bir gezek ýakyndan tanyşmaklaryna uly mümkinçilik boldy.

Sergini Lebap welaýatynyň Baş bilim bölüminiň hünärmeni Güljahan Jumaýewa açyp berdi. Soňra sergä gatnaşan myhmanlaryň hem çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda bellenişi ýaly, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýaş nesle bilim bermek, terbiýelemek ýaly jogapkärli wezipede özlerine giň şertler döredilýär.

Magtymguly Pyragy ― hemmeleriň söýgüli şahyry! Ol hemmeleriň göwnünde tagt gurdy. Şonuň üçin hemmeleriň dilinde akyldar şahyryň dür paýhasa siňen setirleri.  Nesip bolsa, paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň dünýede iň beýik heýkeli dabaraly toýlaryň gurşawynda toý bagynyň kesilmegine garaşýar. Munuň özi beýik şahsyýetiň dünýäň ýüzünde abraý –mertebesini ýene bir ýola beýgelder. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden belleniljek günlerinde bilim işgärleri hem özleriniň açyk sapaklary, sergileri ýaly baýramçylyk sowgatlary bilen gatnaşarlar.

Sergide oňa gatnaşanlar akyldar şahyrymyzyň dürdäne eserleri, el-işleri bilen meşgullanan önümleri bilen tanyşdylar. Şeýle-de serginiň dowamynda dürli el-işleri bilen ýasalan görkezme esbaplar barada hem söhbetdeşlik boldy. Iki gün dowam eden serginiň birinji gününde görkezme esbaplar boýunça özara usuly maslahat alşylsa, ikinji günüde innowasion usullar boýunça terbiýeçileriň arasynda giňişleýin pikir alşyldy.

Serginiň ahyrynda bagyň iň-gowy görkezme esbaplary  taýýarlan we önjelli zähmeti bilen  bilen üstünlikleri görkezen öňdebaryjy terbiýeçileri Lebap welaýatynyň Baş bilim bölüminiň hünärmeni Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglady.

Mahym HOÇJYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 23-nji “Melhem” çagalar bakja-bagynyň ýokary derejeli terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu